Воскресенье, 09.08.2020, 03:03
Приветствую Вас Гость | RSS
Главная | Регистрация | Вход
Мой сайт
[ Обновленные темы · Новые сообщения · Участники · Правила форума · Поиск · RSS ]
  • Страница 1 из 1
  • 1
Форум » Bolumler » Umumy » Gurban bayramynyz gutly bolsun !!! (Gurban bayramy)
Gurban bayramynyz gutly bolsun !!!
BestMusicДата: Среда, 23.09.2015, 17:10 | Сообщение # 1
Рядовой
Группа: Администраторы
Сообщений: 2
Награды: 1
Репутация: 0
Статус: Offline
Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär. 
 Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar.
  Gurban baýramy Yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje (Gurban aýy) aýy­nyň 10-13-nji günlerinde geçirilýän baýramydyr. Kuran-y Kerimde aýdylyşy ýaly, bu baýram hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär.
 Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Al­lahyň emri dogrusynda ähli möminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar.
 Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümlerini kesgitlän baýramy bolan Gurban baý­ramy, degişli hadyslaryň habar bermegine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda Yslamyň parzlaryn­dan biri bolan haj ybadatynyň wagtlarydyr.
 Gurban baýramy, hezreti Ybraýymyň ogly Ysmaýyly (a.s.) gurban etmek islän, Jenab-y Ha­kyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ybraýym pygam­bere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olaryň nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar.
 Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka hem sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we bu berlenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny aýdar eken.
 Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogapkärçilik­dir.
 Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär.
 * Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýe­si üçin münelge boljakdyr.
 Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň okalmagyndan soňra­dyr.
 Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Ýagny, gurban ybada­tyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynam­dar birine wekillik berip biler.
 Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar.  Sygyr ýa-da dü­ýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.

 Hormatly Prezidentimiziň  aladasy netijesinde däp-dessurlarymyz we urp adatlarymyz has giňden öwrenilýär. Bu Gurban baýramy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda bu baýrama täze öwüşgin berlip, ol has giňden bellenilýär.
 Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy Gurban bayramy bilen gutlaýarys. Mukaddes Gurban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun!
 
NextMusicДата: Среда, 23.09.2015, 17:13 | Сообщение # 2
Рядовой
Группа: Модераторы
Сообщений: 1
Награды: 0
Репутация: 0
Статус: Offline
saol

Добавлено (23.09.2015, 17:13)
---------------------------------------------
Admin,

 
Форум » Bolumler » Umumy » Gurban bayramynyz gutly bolsun !!! (Gurban bayramy)
  • Страница 1 из 1
  • 1
Поиск:

Хиты за

МЕСЯЦ ГОД
------

© 2014-2020