Yurdumyzyn niresinden siz?
Siz nireden?
Всего ответов: 9027

Реклама
Популярные музыкы 10
»  Azat Donmez - Habar yok (ft. Yagshy Goshunow)
Загрузки: 28411
»  Azat Donmez ft S.Beater- Bol yanymda
Загрузки: 26852
»  Meylis TM- Yekejamsin
Загрузки: 24800
»  Merdan Alty ft Repa- Soygi yolllary
Загрузки: 24705
»  Azat ft Kuvvat Donmez & S.Beater- Gijeler (Music SerdarHan)
Загрузки: 21549
»  Dortguly Suvlyyev ft M.Beater- Barlama meni
Загрузки: 21233
»  Azat Donmez- Yarashar
Загрузки: 20708
»  Azat Donmez- Ikimiz bile (SUPER
Загрузки: 20112
»  Mekan Atayev ft Repa- Sen nirede (Music SerdarHan)
Загрузки: 18880
»  Dortguly Suvlyyev & M.Beater- Hop (Oriental Mix)
Загрузки: 18530
Reklama
Reklama u.n bosh yer.

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 31
Гостей: 30
Пользователей: 1
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
NextMusic, Gurbanyan, wepa_99, mister-murik, malibuu1510, Lineidjuma12, syhdar
Календарь
«  Январь 2015  »
ПнВтСрЧтПтСбВс
   1234
567891011
12131415161718
19202122232425
262728293031


Türkmen samboçylary Dünýä kubogynda ýedi medala mynasyp boldular
Goruldi: 364 | Goshdy: Admin | Bolumi: Tazelikler

Ýekşenbe güni Almatyda sport sambosy boýunça erkekleriň hem zenanlaryň arasynda şeýle-de, söweş sambosy boýunça tamamlanan Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen pälwanlary ýedi: iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medal gazandylar. Birinji orun üçin 1000, ikinji ýer üçin 500, üçünji orun üçin 250 dollar baýrak göz öňünde tutulan bäsleşikde dünýäniň 21 döwletinden 400 türgen güýç synanyşdy.

Sport sambosynda zenanlaryň arasynda türkmen toparynyň gyzlary bir altyn, iki bürünç medal eýelediler. Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa (52 kg agram) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy. Finalda oňa Baluan Şolagyň adyny göterýän sport köşgüni dolduryp oturan tomaşaçylar tarapyndan goldanylýan ýer eýesi garşy durdy. Ýöne bu ildeşimize ynamly ýeňiş gazanmaga päsgel berip bilmedi.

G. Babamuratowa 2014-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy türgeni boldy. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 23 ýaşly wekili, Lebabyň göreş mekdebiniň uçurymy geçen ýyl Aşgabatda guşakly göreşden dünýä çempionlygyny gazandy. Phuketde (Tailand) geçirilen IV kenarýaka Aziýa oýunlarynda biziň ýurdumyzyň toparyna ýeke-täk altyn medal (sambo boýunça) getirdi. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde XVII tomusky Aziýa oýunlarynda dzýudodan kümüş medal eýeledi. Sportuň bu olimpiýa görnüşinde türkmen türgenleri iri toplumlaýyn halkara ýaryşlarynda şeýle uly üstünligi 12 ýyl bäri gazanmandylar.

Zenanlar ýygyndymyzdan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Zuhra Madraimowa (60 kg agram) bilen Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekili Rano Uzakowa (68 kg agram) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýene dört: altyn, kümüş we iki bürünç medallary söweş sambosynyň ussatlary gazandylar. Ýokary derejeli medal Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Samwel Aýrapetýana (74 kg agram) gowşuryldy. Ol finalda bolgariýaly türgenden 1:3 hasabynda ýeňlip duran-da bolsa ahyrky netijede garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. Hut şu ýokary okuw mekdebiniň talyby Nowruz Ataýew 52 kg agramda kümüş medal gazandy. Jowlanbek Madaminow hem Çarymyrat Annagurbanow bürünç medal bilen sylaglandylar.

Almatydaky Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) senenamasynda düzgünlerine üýtgetme girizilip geçirilen ilkinji ýaryş boldy. Şoňa laýyklykda, indi samboçylaryň tutluşyklary aratapawut 8 balla ýetende (öň 12 balldy) wagtyndan öň tamamlanýar. Tutluşyklaryň wagty hem 3 minuta çenli gysgaldyldy (öň 5 minutdy). Şeýle täzelikleriň girizilmeginiň maksady ýaryşlaryň has dartgynly we gyzykly geçmegini gazanmakdan ybaratdyr, çünki Halkara sambo federasiýasy olimpiýa ýazgyly gapyny kakýar. 2014-nji ýylyň noýabrynda HOK FIAS-yň sportuň bu görnüşini Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna goşmak hakyndaky haýyş kitabyny kabul etdi.

Dünýä kubogynyň indiki tapgyry 11—13-nji fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide geçiriler.

Suratda: sambo boýunça Dünýä kubogynyň eýesi Gülbadam Babamuratowa (çepden ikinji) 52 kg agramda baýrakly orunlary eýelän türgenler bilen.
Всего комментариев
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]