Yurdumyzyn niresinden siz?
Siz nireden?
Всего ответов: 8974

Реклама
Популярные музыкы 10
»  Azat Donmez - Habar yok (ft. Yagshy Goshunow)
Загрузки: 28325
»  Azat Donmez ft S.Beater- Bol yanymda
Загрузки: 26716
»  Meylis TM- Yekejamsin
Загрузки: 24766
»  Merdan Alty ft Repa- Soygi yolllary
Загрузки: 24637
»  Azat ft Kuvvat Donmez & S.Beater- Gijeler (Music SerdarHan)
Загрузки: 21496
»  Dortguly Suvlyyev ft M.Beater- Barlama meni
Загрузки: 21195
»  Azat Donmez- Yarashar
Загрузки: 20662
»  Azat Donmez- Ikimiz bile (SUPER
Загрузки: 20066
»  Mekan Atayev ft Repa- Sen nirede (Music SerdarHan)
Загрузки: 18830
»  Dortguly Suvlyyev & M.Beater- Hop (Oriental Mix)
Загрузки: 18478
Reklama
Reklama u.n bosh yer.

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Новых пользователей
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 85
Гостей: 85
Пользователей: 0
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
NextMusic, Jeyka
Календарь
«  Июнь 2015  »
ПнВтСрЧтПтСбВс
1234567
891011121314
15161718192021
22232425262728
2930


Türkmenistan 1:1 Eýran
Goruldi: 323 | Goshdy: Admin | Bolumi: Futboll Tazelikleri

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýnunyň çäklerinde Eýranyň topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Aziýanyň toparlarynyň reýtinginde öňde barýan, şeýle hem Aziýanyň üç gezek çempiony we dünýä çempionatlarynyň final tapgyrlaryna dört gezek gatnaşan Eýranyň ýygyndysyna 2011-nji ýyldan bäri meşhur Portugaliýaly hünärmen Karluş Keýroş ýolbaşçylyk edýär. Ol 1989-njy we 1991-nji ýyllarda Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndy topary (20 ýaşa çenli) bilen dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazandy, şeýle hem Portugaliýanyň, BAE-niň, GAR-yň milli ýygyndylary we köpsanly meşhur toparlar bilen işledi.

Duşuşygyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynda Eýranyň ýygyndysynyň tejribeli tälimçisi ýolbaşçylyk edýän toparynyň özüne ynamynyň bardygyny we Türkmenistandan üç utugy alyp gitmegi niýet edýändigini aýtdy.

Eýranly futbolçylar duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan oýnuň depginini ýokarlandyrmaga çalyşdylar we eýýäm dördünji minutda, Serdar Azmunyň ussatlyk görkezmegi netijesinde hasaby açdylar. Türkmen futbolçylary duşuşygyň ilkinji 15 minutynda eýranlylaryň birnäçe hüjümini yzyna gaýtaryp, garşydaşlarynyň derwezesiniň öňünde howply pursatlary döretmäge başladylar. Eýranyň ýygyndysynyň derwezesiniň öňünde ilkinji howply pursat duşuşygyň 16-njy minutynda, ildeşimiz Serdar Annaorazowyň eýranly derwezeban Ali Reza Hagiginiň goraýan derwezesine zarbaly urgusyndan soň döredi. Ýöne derwezeban bu urgyny yzyna gaýtarmagy başardy.

Oýnyň birinji ýarymyna goşulan wagtyň birinji minutynda tälimçi Amangylyç Goçumowyň şägirtleri çep ganat boýunça ýene bir hüjümi guradylar. Pökgi garşydaşlaryň jerime meýdançasyna geçirildi we biziň oýunçymyz Ruslan Mingazow ussatlyk bilen pökgini derwezenden geçirmegi başardy. Daşogzuň 10 müň orunlyk stadionyny dolduryp oturan janköýerleriň bu ýagdaýa begenjiniň çägi bolmady.

Duşuşygyň ikinji ýarmynda Eýranyň ýygyndysynyň baş tälimçisi oýnuň depginini güýçlendirmek maksady bilen üç oýunçyny çalyşdy. Ýöne biziň futbolçylarymyz erjellik görkezip, deňme-deň hasaby saklap galmagy başardylar we "D” toparda öňdebaryjy hasaplanýan toparyň garşysyna mynasyp oýnamagy başardy.

Oýundan soňky metbugat maslaharynda Eýranyň ýygyndysynyň baş tälimçisi K.Keýroş türkmen toparyny bu mynasyp netije bilen gutlady. Onuň kärdeşi A.Goçumow bolsa bu deňme-deň netijäniň örän güýçli garşydaşyň üstünden gazanylan ýeňşe barabardygyny aýtdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi şeýle hem daşoguzly janköýerleriň uly goldaw berendiklerini nygtady.

- Biz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle ajaýyp stadionlaryň gurlandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Indi şol stadionlarda ýokary derejelerdäki ýaryşlary geçirip bolýar. 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň şu oýny hem munuň aýdyň subutnamasydyr” diýip, A.Goçumow metbugat maslahatyna gatnaşýan köpsanly žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Dünýä çempionatynyň indiki saýlama oýnuny Türkmenistanyň ýygyndysy 3-nji sentýabrda myhmançylykda Omanyň topary bilen geçirer.
Всего комментариев
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]