Реклама
Популярные музыкы 10
Новости
Зарубежные новинки
Reklama

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Свежие Клипы
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Новых пользователей
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 87
Гостей: 85
Пользователей: 2
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
BestMusic, NextMusic, Twister, Mihaelxgd, Mihaelcnr, Bogdanaij, Bogdansxn, Wepashka, Yagmyrowww, Bogdanewe, Bogdandom, Bogdanvdv, payhoca, phemia, PORNO-GO, ieneqosax, PORNO-gov


Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Bathyzdan we Köpetdagdan toplanan gerbariý toplumy tabşyryldy
Goruldi: 156 | Goshdy: BestMusic | Bolumi: MEDENIÝET

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklaryň üsti Bathyzdan we günorta-günbatar Köpetdagdan ýygnalan ösümlikleriň iki müňe golaý dürli görnüşi bilen ýetirildi. Ol ösümlikleriň görnüşleri Bathyz döwlet goraghanasynyň işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty T.G.Gorelowa hem-de B.P.Boçansew, R.B.Kamelin ýaly botanikler tarapyndan 40 ýylyň dowamynda toplanyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Onda ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän Bathyz goraghanasynda, şeýle-de Köpetdagyň günorta-günbatarynda ösýän agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň, otjumak ösümlikleriň dürli görnüşleri bar.

Bathyz goraghanasy ösümlikleriň çylşyrymly toparlaryny öz içine alýan, tebigatyň täsin künjekleriniň biridir. T.G.Gorelowanyň ýadawsyz zähmeti hem-de belli botanikler P.W.Kamelin, W.P.Boçansew, I.G.Lewiçew, O.B.Çernewa, L.S.Krasowskaýa dagynyň kömegi bilen Bathyz döwlet goraghanasynyň ösümlik dünýäsiniň sanawy doly düzüldi. Goraghananyň doly geobotanik ýazuwy taýýarlanyldy, şeýle-de geobotanik kartasy döredildi. Bathyzy öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn iş geçirildi. Şonuň netijesinde W.P.Boçansew we P.W.Kamelin dagy bilen awtordaşlykda «Bathyzyň damarly ösümlikleriniň annotirlenen sanawy» atly maglumat düzüldi. Ol 1991-nji ýylda «Bathyz goraghanasynyň ösümlik toparlarynyň ekobiologik häsiýetnamasy» atly temadan dissertasiýa gorap, alymlyk derejesine mynasyp boldy. Bathyzyň uly gerbariý ýygyndysyny toplady. Bu bolsa goraghananyň doly gerbariý toplumy bolup, ösümlikleriň 1050 görnüşiniň, nusgalarynyň 6 müňden gowragyny özünde jemleýär.

Edebiýat çeşmeleriniň we beýleki awtorlaryň ýygnan gerbarilerinden özüniň ýygnan maglumatlary esasynda T.G.Gorelowa Bathyz goraghanasynyň ösümlikler dünýäsiniň kartotekasyny we sanawyny düzdi. «Bathyzyň ösümlikleriniň sanawy» atly kitapçada ol Bathyzyň ösümlikleriniň ýaýraw çäklerini kesgitledi.

Bathyz goraghanasynyň ajaýyp künjeginiň ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan adamlar olaryň nusgalaryny görmek üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ýüz tutup bilerler.
Всего комментариев
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]