Yurdumyzyn niresinden siz?
Siz nireden?
Всего ответов: 9028

Реклама
Популярные музыкы 10
»  Azat Donmez - Habar yok (ft. Yagshy Goshunow)
Загрузки: 28415
»  Azat Donmez ft S.Beater- Bol yanymda
Загрузки: 26854
»  Meylis TM- Yekejamsin
Загрузки: 24802
»  Merdan Alty ft Repa- Soygi yolllary
Загрузки: 24706
»  Azat ft Kuvvat Donmez & S.Beater- Gijeler (Music SerdarHan)
Загрузки: 21550
»  Dortguly Suvlyyev ft M.Beater- Barlama meni
Загрузки: 21236
»  Azat Donmez- Yarashar
Загрузки: 20709
»  Azat Donmez- Ikimiz bile (SUPER
Загрузки: 20113
»  Mekan Atayev ft Repa- Sen nirede (Music SerdarHan)
Загрузки: 18881
»  Dortguly Suvlyyev & M.Beater- Hop (Oriental Mix)
Загрузки: 18532
Reklama
Reklama u.n bosh yer.

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 116
Гостей: 115
Пользователей: 1
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
NextMusic, maksat665, Twister, Minister, aLex, Atash, Smart_boy, Jeyka, nuryf98, didarmuhammet, Gurbanyan, wepa_99, mister-murik, ezka, malibuu1510, Lineidjuma12, syhdar
Календарь
«  Июнь 2015  »
ПнВтСрЧтПтСбВс
1234567
891011121314
15161718192021
22232425262728
2930


Türkmenistanyň Milli Hemra Aragatnaşyk Ulgamy Iş Ýagdaýyna Geçýär
Goruldi: 563 | Goshdy: Admin | Bolumi: Tazelikler

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň öz işine başlaýandygy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji türkmen hemrasynyň ulanylmagynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şu hepdäniň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşyk ulgamyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu çärä milli türkmen aragatnaşyk ulgamyny gurmagy amala aşyran "Thales Alenia Spaсe" fransuz kompaniýasynyň, bu taslama boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolan "Spaсe Systems International-Monaсo S.A.M" kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, "TürkmenÄlem 520E" hemrasy 28-nji aprelde (Aşgabat wagty bilen) ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundan uçuryldy. Bu hemra "Falсon 9 v1.1" raketa göterijisi tarapyndan älem giňişligine çykaryldy. 17-nji maýda hemra meýilnama boýunça geostasionar orbitasynyň gündogar uzaklygynyň 52 gradus orbita ornuna çykdy, şondan soňra hemra aragatnaşygynyň radio ýygylyk ulgamlarynyň iň soňky synaglary başlanyldy. Ähli synaglardan üstünlikli geçensoň, "TürkmenÄlem 520E" hemrasy potratçy "Thales Alenia Spaсe" fransuz kompaniýasy tarapyndan resmi ýagdaýda ulanmak üçin Türkmenistana berildi. Şeýlelikde, hemra aragatnaşyk ulgamyny mundan beýläk dolandyrmagy ýurdumyzyň hünärmenleri öz üstlerine aldylar we Türkmenistan milli aragatnaşyk hemrasy ulgamynyň doly derejeli eýesi boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegi bu ulgamyň kemala gelmeginde ilkinji ädim boldy. Agentligiň üstüne Ýere golaý orbita gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, älem giňişligi bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmek, Türkmenistanyň çäginden emeli hemrany dolandyrmagy ýola goýmak wezipeleri ýüklenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda elektroenergetika, nebitgaz çykaryjy, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebithimiýa pudaklarynyň, gurluşyk senagaty, ýeňil we azyk senagaty kärhanalaryndan we beýlekilerden ybarat bolan köp gatlakly ykdysadyýet kemala getirilýär. Ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen halk hojalygynyň pudaklarynyň düzümleriniň arasynda dürli görnüşli maglumatlaryň alşylmagynyň möçberleri artýar, edaralaryň arasyndaky umumy telearagatnaşyk düzüminiň geçirijilik ukybynyň giňeldilmek zerurlygy artýar, biri-birlerinden uzakda ýerleşýän ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirilmedik çäkleriň arasynda dessin hem-de ýokary hilli maglumatlary bermegi üpjün etmek zerurlygy ýüze çykýar.

Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen hemra aragatnaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Ol kommunikasiýalaryň täze hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2011-nji ýylyň noýabr aýynda "Milli emeli hemra ulgamyny döretmek hakyndaky" Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi "Thales Alenia Spaсe" fransuz kompaniýasy bilen Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny gurmak we ony dolandyrmagyň ýerüsti ulgamyny döretmek, hemrany älem giňişligine çykarmak hem-de herekete girizmek barada şertnama baglaşdy.

Türkmenistanyň çäginden milli emeli aragatnaşyk hemrasyny dolandyrmak üçin Hemrany dolandyryş merkezi (HDM) guruldy.

Fransiýanyň Kann kosmos merkezinde hemrany gurmak bilen bir wagtda ýurdumyz üçin täze kosmos ulgamynda işlejek hünärmenleri taýýarlamak işleri hem alnyp baryldy, olar daşary ýurtlaryň kärhanalarynda hem-de degişli merkezlerinde okuwlary we türgenleşikleri geçdiler. Ýeterlik derejede bilimleri hem-de tejribeleri özleşdiren ýokary derejeli hünärmenler we operatorlar ýerüsti dolandyryş merkezlerinden älem giňişliginde hereket edýän hemra enjamynyň işine gözegçilik ederler. "Thales Alenia Spaсe" kompaniýasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen hünärmenleri — Milli kosmos agentliginiň işgärleri — Hemrany dolandyryş merkeziniň operatorlary hünär derejesi boýunça özlerini okadan fransuz hünärmenlerinden kem däldir.

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasyny "SpaсeХ" amerikan kompaniýasy älem giňişligine çykardy, bu kompaniýa "Falсon" raketa göterijilerini işläp taýýarlady we kosmos ulgamlarynyň operatory bolup durýar.

Hemrany orbitadaky ornuna çykarmak birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Başda "Falсon 9 v1.1" raketa göterijisi "TürkmenÄlem 520E" hemrasyny geogeçiriji orbita çykardy, ol süýndürilen elliptiki orbitadan ybarat bolup, onuň aşaky beýikligi 200 kilometre golaý, iň ýokary beýikligi — apogeý geostasionar orbitada — 36 müň kilometre golaý belentlikde ýerleşýär.

Geogeçiriji orbitadan öz orbital ornuna çenli kosmos enjamy özbaşdak ýokary galdy, bu hereket raketa göterijisiniň täsirini hem-de öz ýokary göteriji hereketlendirijisini ulanmak arkaly ýerine ýetirildi. Şunda ýerüsti dolandyryş merkezlerinden gözegçilik edilýän hemra zerur bolan hereketleri amala aşyrmagy dowam etdi we geogeçiriji orbitadan geostasionar orbita çenli öz hereketini ýerine ýetirdi. "TürkmenÄlem 520E" hemrasy zerur bolan ähli hereketleri aňrybaş derejede üstünlikli ýerine ýetirip, özüniň bellenen ornuna çykdy.

Häzirki wagtda milli aragatnaşyk hemra ulgamy doly güýjünde işleýär we ýurdumyzyň hünärmenleriniň öňünde bu taslamadan has doly peýdalanmk üçin onuň mümkinçiliklerini doly herekete girizmek wezipesi durýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, "Türkmen hemrasy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, ol hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleri alyp barar.

Bu hemra işjeň aragatnaşyk ulgamlary — transponderleriň onlarçasyndan ybaratdyr. Olaryň bir bölegini Türkmenistan öz zerurlyklary üçin peýdalanar, galanlary bolsa "Spaсe Systems International-Monaсo S.A.M" kompaniýasyna uzakmöhletleýin kärendesine berler. Şeýle hem hemra üç antenna — gündogar, demirgazyk we MENA (Middle East & North Afrika — Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika) bilen üpjün edilip, Ýewropanyň we Aziýanyň, şeýle hem Ýakyn Gündogar hem-de Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny örtmäge ukyplydyr.

Hemranyň ýokary geçirijilik mümkinçilikleri standart telewizion ýaýlymlarynyň, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyply ýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge we eşitdirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda telewizion tranponderleriň sanynyň milli telewideniýämiziň zerurlyklaryndan artyk gelýändigini hasaba almak bilen, hemra ýaýlymlarynyň köp bölegini daşary ýurt teleýaýlymlaryny görkezmek üçin kärendesine berip bolar. "TürkmenÄlem" hemrasynyň giň çäkleri örtmäge ukyplylygy Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berer.

"TürkmenÄlem 520E" hemrasy Ku-ýygylykda ýaýlyma çykmaga mümkinçilik berer. Bu usul uly bolmadyk antennalar bilen ýaýlymy kabul etmäge mümkinçilik berýär we şonuň üçin hem hemra telewideniýesinde giňden ulanylýar.

Teleradiogepleşikleriň ulgamyny giňeltmekden başga-da, öz aragatnaşyk hemramyzyň bolmagy ýurdumyzda VSAT hemra aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu ulgam dünýäde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly giňden peýdalanylýar. Biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän iki ýa-da ondan köpräk VSAT terminaly arkaly hemrany üstünden geçiriji enjam hökmünde peýdalanyp, olaryň arasynda maglumatlaryň uly möçberlerini geçirip bolýar.

Şunuň ýaly ulgamyň esasynda Internede girmek, telefon aragatnaşygy, çäk taýdan biri-birinden üzňelikde bolan peýdalanyjylary birikdirmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň ätiýaçlyk möçberini kemala getirmek, dolandyryş merkezinden uzakda ýerleşýän we ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary arkaly birleşdirilmedik senagat desgalarynyň işine gözegçiligi amala aşyrmak ýaly hyzmatlary hödürlenýän doly derejeli multiserwis ulgamlaryny gurnap bolar.

Wideoşekilli maslahatlary ýa-da hemra teleköprüleri tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin uly mümkinçilik açylýar. Häzirki wagtda kommunikasiýa hyzmatlarynyň bu görnüşi dünýäde giňden peýdalanylýar, bu usul işleri tizleşdirmäge, wagtdan we adam serişdelerinden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem işjeň ulanylýar.

Şeýlelikde, ýerli we Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurtly kompaniýalaryň 20-den gowragy häzirden degişli buýurmalary berip, täze türkmen hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýändigini mälim etdi.

Şeýlelikde, ilkinji milli emeli hemrasy ägirt uly çäkleri öz tolkunlary bilen örtmek arkaly ýurdumyzda innowasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin möhüm şert bolar. Hemra aragatnaşygynyň häzirkizaman düzümi we täze tehnologiýalar we Türkmenistanda kosmos bilen baglanyşykly barlag işlerini geçirmegi ösdürmäge we kämilleşdirmäge, türkmen döwletiniň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Всего комментариев
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]