Yurdumyzyn niresinden siz?
Siz nireden?
Всего ответов: 9020

Реклама
Популярные музыкы 10
»  Azat Donmez - Habar yok (ft. Yagshy Goshunow)
Загрузки: 28396
»  Azat Donmez ft S.Beater- Bol yanymda
Загрузки: 26837
»  Meylis TM- Yekejamsin
Загрузки: 24793
»  Merdan Alty ft Repa- Soygi yolllary
Загрузки: 24697
»  Azat ft Kuvvat Donmez & S.Beater- Gijeler (Music SerdarHan)
Загрузки: 21544
»  Dortguly Suvlyyev ft M.Beater- Barlama meni
Загрузки: 21230
»  Azat Donmez- Yarashar
Загрузки: 20702
»  Azat Donmez- Ikimiz bile (SUPER
Загрузки: 20108
»  Mekan Atayev ft Repa- Sen nirede (Music SerdarHan)
Загрузки: 18877
»  Dortguly Suvlyyev & M.Beater- Hop (Oriental Mix)
Загрузки: 18517
Reklama
Reklama u.n bosh yer.

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Свежие Клипы
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 196
Гостей: 196
Пользователей: 0
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
BestMusic, NextMusic, lineidkema90, maksat665, Wolnik0500, Galkush, Minister, Begench0220, maksatsary, Kowus, murad_abdurashidov, Gocum2222, AYJANKA, Resulovez, Gurbanyan, wepa_99, rowshen2003, Manyaak, ezka, salamamam, malibuu1510, great, Lineidjuma12, arsiziya
Календарь
«  Июнь 2015  »
ПнВтСрЧтПтСбВс
1234567
891011121314
15161718192021
22232425262728
2930


Türkmenistanyň Prezidenti Mili Emeli Hemranyň Älem Giňişligine Çykarylmagy Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi
Goruldi: 335 | Goshdy: Admin | Bolumi: Tazelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji "TürkmenÄlem 52oE" milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi. Türkmen döwletiniň buýurmasy esasynda Fransiýanyň "Thales Alenia Spaсe" kompaniýasy tarapyndan gurlan we "Folсon 9" göteriji tarapyndan 28-nji aprelde kosmos giňişligine çykarylan bu hemra öz işine başlady.

Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolabçyşlary döwlet Baştutanymyzy Watanymyzyň taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bile gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde täzeçillik ýoluna düşen Türkmenistanda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Täze tehnologiýalaryň we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň esasynda döwrebap düzümi kemala gelýär.

Milli bilim ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi, täze, ylma esaslanýan önümçilik özleşdirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin türkmen hünärmenleriniň işläp taýýarlaýan ylmy esasdaky önümçiligi döredilýär. Häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamy ösüş görkezijileri boýunça has okgunly häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda we halkara gatnaşyklary ulgamynda bu ugra wajyp orun degişlidir.

Türkmenistanyň hoşniýetli başlangyjy hökmünde älem giiňşligine çykarylan "TürkmenÄlem 52oE" milli aragatnaşyk hemrasy milli Liderimiziň deňhukukly hyzmatdaşlyk babatdaky halkara başlangyçlarynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň, kosmos tizligine barabar ösüşiniň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin, minnetdarlyk bildirip, hemranyň netijeli işläp, ýurdumyzyň nurana geljegine bagly bolan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek üçin uly geljegi açýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýeten sepgidi Garaşsyz Bitarap döwletimiziň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösýändigini, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýandygynyň hem-de kosmos bileleşiginiň agzasy bolup durýandygymyzyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Älem giňişligine çykan milli hemramyz dünýä äşgär boldy diýip bellemek bilen, milli Liderimiz "TürkmenÄlem 52oE" milli aragatnaşyk hemranyň bu ýerde görkezilen şekilini buýsanç bilen synlady. Onuň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde 2015-nji ýyl Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna Türkmenistanyň hil taýdan täze derejä çykan ýyly hökmünde girer.

Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygy aragatnaşyk ýaly ählumumy ösüş ulgamynda has-da möhümdir diýlip bellenildi. Aragatnaşygyň halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän we maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän kämil ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň pugtalanmagyny şertlendirer we türkmen döwletiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem Gündogaryň we Günbataryň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmündäki ösüşiniň wajyp ugruny kesgitlär.

Häzirki döwürde pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we onuň köpugurly esasda ösdürilmeginiň, iň kämil enjamlaryň we täzeçil ýörelgeleriň ulanylmagynyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radioýaýlymlarynyň, sanly alnyp görkezilmeginiň köp şahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär, maglumat serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar, elektron resminama dolanyşygy ulgamy işjeň ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň awtomatlaşdyrylan ulgamy, onuň sanly aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatyny üpjün edýän, şeýle hem Internet ulgamyna goşulmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlaryň, maglumat alyşmalaryň derejesi ösdürilýär.

Döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň, hususan-da, kosmos tehnologiýalarynyň ulanylmagy, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet durmuşyna degişli pudaklaryň täzeçil ösüşini nazarlaýan Türkmenistan üçin has-da ähmiýetlidir.

Aragatnaşyk hemrasynyň ulanylmagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary tizlikli Internetiň üpjün edilmegine kuwwatly itergi berer, şeýle hem ýokary anyk görnüşi bolan sanly teleýaýlymlaryň ýokary hilini şertlendirer. Has alysdaky obalary gurşap almak bilen, aragatnaşygyň we dolandyryşyň täzeçil ulgamynyň döredilmegi üçin möhüm şerti emele getirer. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy Türkmenistanda kosmos bilen baglanyşykly barlag işleriniň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine ýardam berer, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirer.

Elektron ulgamynyň hereketi milli ykdysadýetmiziň ähli ulgamlarynda işläp başlar. Munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan iri möçberleri özgertmeleriň barşynda ägirt uly meýilnamalary özünde jemleýär. Kämil aragatnaşyk bolsa ykdysadyýetiň möhüm guraly bolup durýar.

Döwlet dolanyşygyndaky işleriň netijeliliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen häzirkizaman elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýurdumyzyň ähli derejedäki ýolbaşçylaryndan edilýän talapdyr diýp, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şöhratly ýyl ýazgysynda kosmos äleminiň başlanmagy bilen gutlap, bu ýere ýygnananlara we tutuş türkmen halkyna bagt, saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Всего комментариев
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]