Yurdumyzyn niresinden siz?
Siz nireden?
Всего ответов: 8957

Реклама
Популярные музыкы 10
»  Azat Donmez - Habar yok (ft. Yagshy Goshunow)
Загрузки: 28299
»  Azat Donmez ft S.Beater- Bol yanymda
Загрузки: 26692
»  Meylis TM- Yekejamsin
Загрузки: 24754
»  Merdan Alty ft Repa- Soygi yolllary
Загрузки: 24624
»  Azat ft Kuvvat Donmez & S.Beater- Gijeler (Music SerdarHan)
Загрузки: 21478
»  Dortguly Suvlyyev ft M.Beater- Barlama meni
Загрузки: 21188
»  Azat Donmez- Yarashar
Загрузки: 20651
»  Azat Donmez- Ikimiz bile (SUPER
Загрузки: 20057
»  Mekan Atayev ft Repa- Sen nirede (Music SerdarHan)
Загрузки: 18814
»  Dortguly Suvlyyev & M.Beater- Hop (Oriental Mix)
Загрузки: 18471
Reklama
Reklama u.n bosh yer.

Реклама

______
Профил
Гость


Пожалуйста, зарегистрируйтесь или войдите в свой аккаунт.
Логин:
Пароль:
Реклама
Реклама
Reklama
Reklama u.n bosh yer.
Reklama
Связь с нами
Мы...
info@saylanan.com
На сайте
Всего на сайте: 123
Гостей: 123
Пользователей: 0
Подробно
Онлайн


Сегодня был на сайте:
BestMusic, NextMusic, Admin, dovik_90, chopan_style, maksat665, Wolnik0500, Twister, Minister, makii-55, Atash, Muhammetnur, Smart_boy, AKESH, dovran@95, Balashka96, didarmuhammet, Resulovez, rekord_2017, Gurbanyan, nixsolutusc, Polatkuliyev, iska4475, Ciтizen✯5o, mister-murik, begmyrat94, Manyaak, ezka, Egortholf, catboysnameTat, Lineidjuma12, novruz9916, chokgayew, mr_scorpion96, i_atashka, 310897, aa☼, batyr8462
Календарь
«  Декабрь 2015  »
ПнВтСрЧтПтСбВс
 123456
78910111213
14151617181920
21222324252627
28293031


"YYLYN PARLAK YYLDYZY"
Goruldi: 2571 | Goshdy: NextMusic | Bolumi: Tazelikler


Nurýagdy Rejebow  2015-nji ýylda türkmen estradasynyň  ,,Ýylyň parlak ýyldyzy"  boldy
24-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde „Ýylyň parlak ýyldyzy – 2015" atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylarynyň arasynda guralýan "Ýylyň parlak ýyldyzy”  bäsleşigi ýaş ýerine ýetirijileriň  hünär  ussatlygyny  artdyrmaga we  saz  döredijiligini ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe,  radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän bu iri möçberli döredijilik çäresi ýyl geçdigiçe ýaş zehinli ýerine ýetirijileriň köp sanlysyny ýüze çykarýar. 

Şu ýyl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nurýagdy Rejebow bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we "Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy. Oňa  "Ýylyň parlak ýyldyzy” atly göçme Kubok we höweslendiriji  baýrak gowşuryldy. Bäsleşikde birinji ( paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň "Aşgabat” döredijilik toparynyň artisti Züleýha Kakaýewa) we ikinji (Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ahmet Atajanow) orunlary eýelänler üçin hem gymmat bahaly sylaglar göz öňünde tutuldy. 

,,Ýylyň parlak ýyldyzy" bäsleşiginiň ýeňijileri: 
1. Jahan Tagyýewa, (2009).
2. Begmyrat Annamyradow, (2010).
3. Atajan Berdiýew, (2011).
4. Liliýa Çurçaga, (2012).
5. Annanyýaz Jepbarow, (2013).
6. Nurgözel Nyýazberdiýewa, (2014).
 7.Nurýagdy Rejebow, (2015).

„Ýylyň parlak ýyldyzy – 2014" bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan aýdymçylar: 
1. Azat Oramadow 
2. Durdy Durdyýew 
3. Mährijemal Pirmedowa 
4. Rahman Hudaýberdiýew
5. Ahmet Atajanow
6. Oguljuma Baýramowa
7.  Arazbibi Ýarmuhammedowa
8. Mawlýuda Şaýkulowa
9. Nurgözel Nyýazberdiýewa
10. Gurbangeldi Ataýew 



„Ýylyň parlak ýyldyzy – 2015" bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan  aýdymçylar: 

1. Ahmet Atajanow
2.  Sülgünjemal Täçmyradowa
3.  Rahym Gurbanow
4. Mawlýuda Şaýkulowa
5. Isa Amangurbanow
6. Azat Oramadow
7. Züleýha Kakaýewa 
8. Aşyrmämmet Durdyýew
9. Nurýagdy Rejebow
10.Arazbibi Ýarmuhammedowa
11.Mekan, Meýlis Jumaýewler


,,Ýylyň parlak ýyldyzy" atly bäsleşik barada maglumatlar  

  *Bu aýdym-saz bäsleşigi hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinli aýdymçylary ýüze çykarmak we goldamak barada edýän aladalarynyň netijesinde 2009-njy ýylda döredildi.
 
  *Bäsleşigiň göçme kubogynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, ruhy-medeni galkynyş, aýdym-saz sungatynyň şu güni we geljegi  simwoliki hem-de filosofiki manylar arkaly şöhlelendirilýär. Kubok kümüşden ýasalandyr we altyn bilen çaýylandyr. 875 derejeli kümşüň agramy 965 gramdyr.

*Ýaş aýdymçylara „Türkmen owazy" we ,,Owaz" teleradiýoýaýlymynda çykyş etmäge mümkinçilik berilýär. Onuň barşynda teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler üçin ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary boýunça baha berip, SMS-ler we telefon jaňlary arkaly ses bermäge mümkinçilik döredilýär. 

*Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň her biri iki aýdymy ýerine ýetirýär. Aýdymlaryň biri emin agzalarynyň aýdymçynyň sesine adalatly baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirilýär. 

 *Welaýatlarda hem bäsleşigiň saýlama tapgyrlary geçirilýär we abraýly emin agzalary tarapyndan zehinli ýerine ýetirijileriň arasynda has tapawutlananlar onuň deslapky tapgyrlaryna saýlanylýar. Soňra tomaşaçylaryň gönüden-göni ses bermeleriniň netijelerine bagly bolan tapgyra badalga berilýär.

*Ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilýän ,,Ýylyň parlak ýyldyzy" atly bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, ol ýylyň dowamynda geçirilýär.

*Birinji tapgyr Türkmenistanyň obalaryndan, etraplaryndan we şäherlerinden ”Türkmen owazy” teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we SMS-ler arkaly saýlanan zehinli aýdymçylar Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gözden geçirilýär. 

*Ikinji tapgyr Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan döredilýän saýlap alyş topary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolýar we ýaş estrada aýdymçylarynyň aýdymlaryny diňlemek arkaly olary saýlap alýar. Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, aýdymçylaryň iň ezberleri bäsleşigiň üçünji tapgyryna saýlanylyp alynýnar. Saýlanylyp alynýan aýdymçylaryň sany çäklendirilmeýär.

*Üçünji tapgyr "Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň uly konsert studiýasynda geçirilýär hem-de welaýat tapgyryndan saýlanan zehinli aýdymçy ýaşlaryň içinden emin agzalarynyň saýlamagynda aýdymçylar dördünji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

*Dördünji tapgyrda üçünji tapgyrda ýeňiji bolan aýdymçylaryň aýdymlary "Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berilýär. Şolaryň içinden tomaşaçylardyr diňleýjilerden iň köp SMS-leri alan aýdymçylar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

*Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Maslahat köşgünde geçirilýär we oňa dördünji tapgyrda iň köp SMS seslerini alan aýdymçylar gatnaşýar. Olar bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirýärler. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses berýärler. Şol sesleriň we SMS-leriň iň köpüsini alan aýdymçy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär we "Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada, göçme nyşana, şahadatnama we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolýar.

*Bäsleşige 17-35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilýärler. 

Всего комментариев
Всего комментариев: 4
arslan700 пишет: | 17.01.2016 | 15:02 #4
arslan700 Azat donmezi etmela sizdagy
Like | 0
messi@1010 пишет: | 30.12.2015 | 10:21 #3
messi@1010 On almalydy Nuryagdy
Like | 0
BeaTeR пишет: | 29.12.2015 | 12:57 #2
BeaTeR Bu yyl sohbet bolan bolsa sohbet alardy diyip pikir edyanlerem kopdur yone yalnyshyarlar ondan guyliler kop
Like | 0
hacker_96 пишет: | 29.12.2015 | 00:43 #1
hacker_96 gutlayan Nuryagdy Rejebow mundan beylagem ustinlik hemranyz bolsun music
Like | 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]